Fin alymlary ulanyş möhleti 16 ýyl bolan organiki Gün panellerini döretdiler

  • 16.01.2025 15:27
  • 2.5k+

Finlýandiýanyň Abo Akademi uniwersitetiniň alymlary Hytaýyň Suçžou nanotehnologiýa we nanobionika institutyndaky kärdeşleri bilen bilelikde organiki Gün batareýalarynyň esasy meselelerini çözdüler. Olar bu enjamlaryň ulanyş möhletini çäklendirýän, tiz zaýalanmagyna sebäp bolýan energiýa ýitgisiniň öňüni almagy başardylar diýip, Interesting Engineering habar berýär.

Synaglaryň dowamynda ters gurluşly we meýdany 1 sm² bolan bu paneller 18%-den ýokary netijelilik görkezdi. Olar ak ýagtylygyň astynda 24,7 müň sagatlap üznüksiz işledi. Bu bolsa takmynan 16 ýyllyk ulanyşa deňdir.
Mundan öň, organiki Gün panelleri ýokary netijelilik görkezse-de (25,44%), olaryň materiallary tiz zaýalanýardy. Emma fin alymlarynyň açyşy bu meseläni çözýär we uzak wagtlap ulanyp bolýan gün batareýalarynyň köpçülikleýin öndürilmegine ýol açýar.
Bu tehnologiýa durnukly energiýa geçiş üçin möhümdir. Täze paneller tebigy ýangyçlara bolan garaşlylygy azaltmaga, daşky gurşawa zyňylýan zyňyndylaryň göwrümini peseltmäge we energiýany uzak sebitlere ýetirmäge ýardam berer.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....