Raşid Meredow Aşgabatda Italiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

  • 16.01.2025 14:57
  • 1.7k+

14-nji ýanwarda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli bilen duşuşdy. Çiriýelli iş sapary bilen Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar halkara guramalaryň we «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatynyň çäginde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça netijeli gatnaşyklaryň dowam ediljekdigine ynam bildirdiler.

Şol gün Edmondo Çiriýelliniň gatnaşmagynda türkmen-italýan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Söhbetdeşler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Arheologiýa, bilim we medeniýet ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýeti beýan edildi.


düýn 23:05
727

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
795

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......