Apple kompaniýasy Şanhaýda 35 mln dollarlyk maglumat işleýiş bölümini açdy

  • 14.01.2025 14:00
  • 2.6k+

Amerikan tehnoägirdi bolan Apple Şanhaýda uly maglumat (big data) we emeli aň tehnologiýalary bilen bagly programma üpjünçiliklerini işläp düzmek we kämilleşdirmek üçin ýörite täze bölüm açdy diýip, Yicai Global agentligi habar berýär.

“Apple Technology Development Shanghai” atly bu täze bölümiň döredilmegi üçin 35 million dollar maýa goýuldy. Häzirki maglumatlara görä, bölümiň esasy işi programma üpjünçiligini işläp düzmek, uly maglumatlary işlemek we saklamak bolar. Bu bölümiň döredilmegi Apple kompaniýasynyň Hytaý bazarynda emeli aň ulgamlaryny işe girizmek baradaky tagallalary bilen baglanyşyklydyr.
Yicai Global-yň habaryna görä, täze bölümiň açylmagy Apple kompaniýasynyň Hytaýda “Apple Intelligence” atly emeli aň tehnologiýasyny işe girizmek baradaky meýilnamalaryny tassyklaýar.

“Apple üçin, Apple Intelligence Suite ulgamyny Hytaýda işe girizmegiň möhüm şerti, maglumatlaryň şol ýerde saklanmagydyr. Apple-yň Şanhaýdaky täze bölümi ýerli maglumatlaryň işlenmegi boýunça bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär” diýip, amerikan maslahat beriş kompaniýasy Oliver Wyman-yň öňki hyzmatdaşy Çžan Çzýuni agentlige beren düşündirişinde belläp geçdi.


19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

31.05.2026 18:06
2.3k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....