Alymlar gadymy adamlaryň – gominidleriň ýüz keşbini gaýtadan dikeltdiler

  • 11.01.2025 11:26
  • 3.9k+

Hytaýly alymlar, takmynan, 800 müň – 1,1 mln ýyl mundan ozal ýaşap geçen gadymy adamlaryň ýüzüni gaýtadan döretmegi başardylar.

Daşa öwrülip giden kelleçanaklar gominidleriň erkegine we aýalyna degişli. Derňew olaryň 25 – 45 ýaş aralygynda ölendigini görkezdi. Olaryň galyndylary geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrynda Hubeý welaýatynda tapyldy. Paleoantropolog Szýa Lanpo olara tapylan ýeriniň hormatyna ýunsýan adamy diýip at dakdy.
Adamlaryň bu gadymy nesliniň ýüz keşbini dikeltmek Hytaýyň birnäçe uniwersitetleriniň we institutlarynyň alymlarynyň yhlasly işiniň netijesinde başa bardy. Hünärmenler häzirkizaman modelirleme usullarynyň kömegi bilen ýüzüň sypatyny, kelleçanagyň şekilini we beýleki anatomiki aýratynlyklary kesgitlediler.
Ýunsýan adamynyň gaýtadan dikeldilen ýüzi indi Hubeý welaýatynyň muzeýinde köpçülige görkezilýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....