Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşdy

  • 07.01.2025 22:06
  • 4.2k+

Şu gün, 7-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gurluşlaryň çäklerindäki iki ýurduň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi.
Türkiýe Respublikasynyň ilçisi «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna minnetdarlygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar 2025-nji ýylda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......