Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Serdar Berdimuhamedowyň täze kitaby tanyşdyryldy

  • 05.01.2025 22:44
  • 4.9k+

4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Tanyşdyryş dabarasynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, Gyrgyz Respublikasynyň ilçisi Azizbek Madmarow, Täjigistanyň ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzoda, Hindistanyň ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat, Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, şeýle-de Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleri çykyş  etdiler.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň görnükli söz ussadynyň mirasynyň, onuň dünýä edebiýatyna goşan goşandynyň, şahyryň ýubileýi mynasybetli guralan çäreleriň giňden beýan edilýän “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň çapdan çykmagynyň ähmiýeti bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, kitap owadan fotosuratlar bilen bezelip, ýokary çaphana usulynda, üç dilde – türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde çap edildi. Sekiz bölümden ybarat bolan neşir giň okyjylar köpçüligine, ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymgulynyň döredijilik mirasyny öwrenijilere niýetlenendir.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......