OpenAI startapy gurluşyny üýtgedip, korporasiýa bolmagy meýilleşdirýär

  • 03.01.2025 10:50
  • 1.5k+

OpenAI korporatiw gurluşyny üýtgetmek we täjirçilik hem sosial maksatlary utgaşdyrmak üçin jemgyýete peýdaly korporasiýa bolmak (Delaware Public Benefit Corporation, PBC) meýilnamalary barada aýtdy.

Häzir OpenAI çäkli girdejili täjirçilik kompaniýasyna gözegçilik edýän täjirçilik däl gurama tarapyndan dolandyrylýar. Täze gurluşda PBC paýdarlaryň, gyzyklanýan taraplaryň we jemgyýetiň bähbitlerini deňleşdirip, adaty şertlerde kapitaly özüne çeker.

“2025-nji ýyla geçmegimiz bilen, biz ýönekeý bir barlaghanadan we startapdan has uly zat bolmaly – biz durnukly kompaniýa bolmaly. Dünýä täze energiýanyň, ýerden peýdalanmagyň, çipleriň, maglumat merkezleriniň, EA modelleriniň we 21-nji asyryň ykdysadyýeti üçin emeli aň (EA) ulgamlarynyň täze infrastrukturasyny döretmäge tarap hereket edýär. Biz missiýamyzda indiki ädimi ätmek üçin ösmäge ymtylýarys” – diýlip, beýanda aýdylýar.

Bu barada öň dürli KHBS çeşmeleri habar beripdi. Dekabr aýynda The New York Times OpenAI-iň gözegçiligi tabşyrmagy üçin öz täjirçilik däl guramasyna milliardlarça dollar tölemek barada gepleşik geçirýändigini habar berdi. Ýöne OpenAI öz meýilnamalaryny ilkinji gezek köpçülige yglan etdi.
Şeýle-de, kompaniýa ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada ýatlap geçdi. Olar 2024-nji ýyldaky 5 mlrd dollar ýitgiden başlap, Ilon Mask tarapyndan kazyýet arzalaryna çenli barýar.
Ýatlap geçsek, Mask OpenAI-i esaslandyryjylaryň biridir. Öň, milliarder kompaniýanyň täjirçilik işine geçmegini gadagan etmek barada arza berip, OpenAI-i özüniň başky haýyr-sahawat missiýasyndan ýüz öwürmekde aýyplady. Şeýle-de, Mask OpenAi-iň öz xAI emeli aň kompaniýasyny maýadarlardan ony maliýeleşdirmezlik barada wada alyp, kapitaldan mahrum edendigini nygtaýar. OpenAI Maskyň nägileliklerini “esassyz” we ýönebir öýkesini görkezme diýip atlandyrdy.
Bellenilişi ýaly, OpenAI-iň Anthropic we xAI ýaly bäsdeşleri eýýäm PBC ýaly işleýär. OpenAI täze statusyň jemgyýetçilik peýdasyny saklap, maksatlara ýetmäge kömek etmegine umyt bildirýär.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
995

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......