BAE-de geçirilen Täze ýyl şüweleňi birnäçe rekord goýdy

  • 03.01.2025 00:23
  • 14k+

Birleşen Arap Emirlikleri 2025-nji ýyla birnäçe dünýä rekordyny goýan giň gerimli baýramçylyk çäreleri bilen başlady.

2025-nji ýylyň gelmegi tutuş ýurt boýunça 60 meýdançada baýramçylyk feýerwerkleri we pirotehniki şüweleň bilen baýram edildi diýip, Khaleej Times habar berýär.
Iň uzak dowam eden feýerwerk Abu-Dabide şeýh Zaýediň festiwalynda ýaňlandy – feýerwerk 53 minut dowam etdi. Şeýle-de, tomaşaçylary 10 müň dronyň gatnaşmagyndaky çykyş haýran galdyrdy. Asmana 100 müň howa şary uçuryldy. Guramaçylar birbada alty dünýä rekordyny gazanmagy maksat edindiler.
Ras-Al-Haýmda sebitiň medeniýetine bagyşlanan Our Story in the Sky şüweleňiniň netijesinde Ginnesiň iki rekordy goýuldy. 1400 dronyň kömegi bilen agaç we deňiz balykgulagy görnüşinde dünýäde iň uly şekiller döredildi. Çykyş üç bölekden ybarat boldy: birinji bölek Ras-Al-Haýmyň ekoulgamyna, ikinjisi – deňiz mirasyna we dür almaga, üçünjisi – deňizde ýüzmek däplerine bagyşlandy. Baýramçylyk ajaýyp feýerwerk bilen tamamlandy.
Dubaý hem, adat bolşy ýaly, onlarça müň tomaşaçyny Burj Halifa diňine çekdi. Binanyň fasadynda köp sanly wizual effektler bilen pirotehniki şüweleň görkezildi. Mundan başga-da, Global Village seýilgähinde Täze ýyly ýedi gezek feýerwerk bilen garşyladylar. Bu seýilgähiň köp medeniýetli üýtgeşikligini görkezmäge mümkinçilik berdi.
BAE-de Täze ýylyň baýram edilmegi diňe bir tomaşaçylary haýran galdyrman, eýsem ýurduň giň gerimli çäreleri guramakda öňdebaryjylaryň biri statusyny tassyklady.


şu gün 00:07
770

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

25.06.2026 20:02
7.4k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

19.06.2026 08:15
2.1k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......