Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutlady

  • 02.01.2025 09:49
  • 8.6k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy täze ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli gutlady.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleriň netijesinde Siziň tagallalaryňyz bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň Ýer ýüzünde barha belende göterilýändigine, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyna aýdyň göz ýetirdik. Tamamlanan 2024-nji ýylyň wakalary döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygynyň, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändiginiň anyk güwäsine öwrüldi" diýlip gutlagda aýdylýar.

"Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri mukaddes Garaşsyzlygymyzdan, baky Bitaraplygymyzdan gözbaş alýar. Bu gün ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine daýanýan içeri we daşary syýasatymyzda gazanýan üstünliklerimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan belent ykrarnama mynasyp bolmagy ata Watanymyzyň alyp barýan ynsanperwer işleriniň dünýä derejesinde ähmiýetlidiginden habar berýär. Bu işler ähli halklaryň bähbidine hyzmat etmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Munuň özi döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň biziň gazanýan ähli üstünliklerimiziň, ýeňişlerimiziň binýady bolup durýandygyny görkezýär."

"Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany biragyzdan kabul etmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, özara düşünişmäge esaslanýan daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy biziň başlangyjymyz bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi Siziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatyňyzyň barha dabaralanýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýar" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.


şu gün 07:51
297

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.2k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
867

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......