Daşkentde Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy açyldy

  • 28.12.2024 18:38
  • 10k+

27-nji dekabrda Daşkentde Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýy açyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, çärä daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň hem-de bu ýurtda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, dostlukly ýurduň ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-iň wekilleri, şeýle hem Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Üç gatly häzirki zaman ýaşaýyş jaýy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda «Döwlet Gurluşyk» HJ tarapyndan bina edildi. Ýerleşdirilişi has gowulandyrylan 12 sany öýüň her birinde ýokary hilli bezeg serişdeleri ulanyldy, ýaşamak üçin ähli şertler döredildi, şol sanda mebeller, döwrebap aşhana göz öňünde tutuldy we amatly howa ýagdaýyny üpjün edýän ulgamlar ornaşdyryldy. Abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerde çagalar üçin oýun we sport meýdançalary gurlupdyr.
Açylyş dabarasynyň ahyrynda myhmanlara iki ýurduň milli tagamlary hödürlendi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana saparynyň çäklerinde daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......