Iň gadymy mawy gözli adamyň galyndylary tapyldy. Ol 17 müň ýyl ozal ýaşapdyr, ýöne ömri gysga bolupdyr

  • 28.12.2024 16:53
  • 9.8k+

Alymlar mundan 17 müň ýyl ozal ýaşap geçen iň gadymy mawy gözli adamyň galyndylaryny tapdylar. Ol ýürek ýetmezçiligi bolan çaga bolup çykdy diýip, Nature Communications žurnalyna salgylanýan ScienceAlert portaly ýazýar.

Arheologlar 1998-nji ýylda Italiýanyň Grotta-delle-Mura gowagynda bir oglanjygyň skeletini tapdylar, ýöne ony diňe indi häzirki zaman tehnologiýasy arkaly  içgin öwrenip bildiler.
Geçirilen barlaglar çaganyň bary-ýogy 7,5-18 aý ýaşandygyny görkezdi. Hemme zat çaganyň doglanda agyr doglandygyny görkezýär. Jeset jaýlanylanda hiç hili bezeg ýa-da zat goýulmazdan daş plitalaryň aňyrsyna dulanypdyr.
Gen seljermesi çaganyň OCA2 geninde mutasiýa bolandygyny ýüze çykardy, bu bolsa gözüň reňkine jogap berýän melanin pigmentiniň işläp çykarylyşyny azaldýar. Bu gen häzirki zamanyň mawy gözli adamlarynyň gelip çykyşyny görkezýän ýeke-täk mutasiýa bilen baglanyşykly. Häzirki wagtda bu mutasiýa ýewropalylaryň takmynan 40% -de duş gelýär.

"Bu çaga azyndan dokuz fiziologiki stresi başdan geçiripdir, olaryň üçüsi ýatgyda ýüze çykypdyr" – diýip, Bolonýa uniwersitetiniň arheology Ouen Higgins belleýär.

Çaganyň ejesi agyr stresden ejir çekip, göwrelilik döwründe ýeterlik iýmitlenmedik bolsa gerek. Çagada onuň ir aradan çykmagyna sebäp bolup biljek gipertrofik kardiomiopatiýa hem bolupdyr.
Bu barlagdan ozal, iň gadymy mawy gözli adam Demirgazyk Italiýada tapylan willabrunaly adamdyr öýdülýärdi. Ol takmynan 14 müň ýyl ozal ýaşap geçipdir. Alymlar oglanyň ata-babalarynyň bu adam bilen baglanyşykly bolup biljekdigine ynanýarlar.


düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......