Serdar Berdimuhamedow «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlady

  • 28.12.2024 12:56
  • 9.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2024-nji - «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlady. Bu barada döwlet Baştutany anna güni Hökümet mejlisinde habar berdi.

Döwlet Baştutany öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jeminiň jemlenýändigini nygtap, bu kitabyň mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny aýtdy.
Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.


şu gün 10:10
1.9k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.8k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.3k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......