Apple-iň bazar bahasy 4 trln dollara golaýlaýar

  • 28.12.2024 08:52
  • 4.2k+

Apple-iň bazar bahasy soňky söwdada täze taryhy derejä – 3,85 trln dollara ýetdi. Bu kompaniýanyň emeli aň pudagyndaky ösüşi bilen baglanyşyklydyr diýip, Reuters habar berýär.

Noýabr aýynyň başyndan bäri kompaniýanyň bahasy paýnamalaryň 16% ýokarlanmagy netijesinde 500 mlrd dollar artdy. Bu hem Apple-e Nvidia we Microsoft ýaly bäsdeşlerinden ýene öňe geçmäge mümkinçilik berdi.
Maýadarlar üstünligi kompaniýanyň satuwa oňyn täsir etjek gajetleriň model hataryny ýygy-ýygydan täzeläp bilmek mümkinçiligi bilen baglanyşdyrýar. Analitikler 2024-nji ýylda pese düşen iPhone satuwyndan gazanylan girdejileriň 2025-nji ýylda artmagyna garaşýar.
Apple bazar kapitalizasiýasy boýunça öňdebaryjylygy saklamagyny dowam etdirýär. Kompaniýa 2018-nji ýylda 1 trln dollardan, 2020-nji ýylda 2 trln dollardan we 2023-nji ýylda 3 trln dollardan geçen ilkinji kompaniýa boldy.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......