Toyota önümçiliginiň pese düşendigine garamazdan, ýene-de satuw rekordyny täzelemegi başardy

  • 26.12.2024 17:42
  • 16k+

Toyota dünýä boýunça satuwynda ösüş görkezmegini dowam edýär. Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi, on aý bäri awtoulag önümçiliginiň pese düşendigine garamazdan, noýabr aýynda satuw mukdary boýunça rekordyny täzeledi diýip, Reuters habar berýär.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, onuň dünýädäki önümçiligi noýabr aýynda 6,2 göterim peseldi we 869 230 ulag boldy. Bu ýanwar aýynda başlanan peselişiň dowamydyr.
Hasabata Lexus awtoulaglary baradaky maglumatlar hem degişlidir.
ABŞ-da Toyota-nyň önümçiliginiň mukdary 11,8 göterim, Hytaýda 1,6 göterim, Ýaponiýada 9,3 göterim azaldy. Esasy sebäpleri üpjünçilikdäki kynçylyklar we käbir zawodlaryň ýapylmagy bilen baglanyşyklydyr.
Şeýle-de bolsa, bu kynçylyklara garamazdan, Toyota satuwy 1,7% artyp, 920 569 ulaga çenli ösüşi görkezdi. Granvia miniweni we Sienna, şeýle hem BYD bilen bilelikde işlenip düzülen bZ3 elektrik sedany ýaly modelleriň meşhur bolan ýeri ABŞ-da we Hytaýda islegiň artýandygy bellendi.
Geçen ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda kompaniýanyň dünýädäki önümçiligi 5,2% azaldy, ýöne satuwyň ýokarlanmagy bu ýitgileriň öwezini dolýar.


06.05.2026 19:44
4.4k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......

30.04.2026 20:03
5.7k+

London marafonynyň ýeňijsiniň geýen «super-krossowkasy» Adidas-yň söwdasyny hem «öňe ylgatdy»

2026-njy ýylyň London marafony sport dünýäsinde hakyky öwrülişik boldy. Bu ýaryşda rowaýaty «iki sagatlyk böwet» aşyldy we täze dünýä rekordlary goýuldy. Bellemeli ýeri, bu üstünlikde Adidas kompaniýasynyň......

04.02.2026 15:29
8.8k+

Ilon Maskyň baýlygy 850 mlrd dollardan geçdi: Ol eýýäm şu ýyl dünýäde ilkinji trillioner bolup biler

Ilon Mask maliýe rekordlaryny täzeden ýazýar. Onuň umumy baýlygy 852 milliard dollara ýetdi we ol kapitaly 800 milliarddan aşan dünýädäki ilkinji ynsan boldy. Bu duýdansyz ösüş SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşmegi netijesinde ýüze çykdy...

26.02.2025 15:14
5.5k+

Sony Ýaponiýada ikinji iri kompaniýa boldy. Birinji - Toyota

Sony Group Corporation Ýaponiýada ikinji uly kompaniýa öwrüldi. Häzir onuň kapitalizasiýasy 152,36 mlrd dollar bolup, diňe Toyota kompaniýasyndan yza galýar. 1946-njy ýylda Tokyo Tsushin Kogyo ady bilen döredilen...