Sony Ýaponiýada ikinji iri kompaniýa boldy. Birinji - Toyota

  • 26.02.2025 15:14
  • 5.5k+

Sony Group Corporation Ýaponiýada ikinji uly kompaniýa öwrüldi. Häzir onuň kapitalizasiýasy 152,36 mlrd dollar bolup, diňe Toyota kompaniýasyndan yza galýar.

1946-njy ýylda Tokyo Tsushin Kogyo ady bilen döredilen Sony Ýaponiýada kiçi kompaniýadan iň uly transmilli konglomeratlaryň birine öwrülýänçä uzak ýol geçdi. Häzir ol kapitalizasiýasy 148,27 mlrd dollar bolan Mitsubishi-den öňde barýar.
Ýöne kapitalizasiýasy 234,39 mlrd dollar bolan iň uly ýapon kompaniýasy Toyota-nyň yzyndan ýetmekden Sony heniz uzakda.
Sony bu netijelere, esasan, kompaniýanyň esasy girdeji çeşmesi bolan PlayStation bölümçesiniň üstünliginiň esasynda ýetmegi başardy.

Tokyo Tsushin Kogyo-nyň ilkinji önümi 1940-njy ýyllaryň ahyrynda çykarylan elektrik tüwi gaýnadylýan enjam bolupdy. Bu gurluş soňlugy bilen tehnologiýa we güýmenje pudagynda dünýä liderine öwrülen kompaniýa üçin başlangyç nokat boldy.
Häzir Sony kompaniýalar toparynyň düzümine şular girýär: sarp ediş we professional elektronikany öndürýän Sony Corporation, aýdym-saz we güýmenje kompaniýalary Sony Music Entertainment (Columbia Records) we Sony Music Entertainment Japan (Aniplex), Sony Pictures (Columbia Pictures, Sony Pictures Television we Crunchyroll) kinokompaniýasy we Sony Interactive Entertainment (PlayStation Studios, PlayStation Productions и Bungie) wideooýun we güýmenje kompaniýasy.


28.05.2026 19:13
3.6k+

Mazda we Spingle kenguru derisinden tikilen krossowkalary çykardylar

Mazda awtoulag öndürijisi Ýaponiýanyň Spingle aýakgap kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda dizaýny CX-5 krossowerinden bölekleýin ylham alan, çäkli sanda SP-MZD krossowkasyny çykardy. ...

16.05.2026 09:56
5k+

Sony boýna dakylýan «şahsy kondisioneri» tanyşdyrdy

Sony kompaniýasy bedeni sowatmak üçin niýetlenen, boýna dakylýan we daşky gurşawa görä temperaturany öz-özünden sazlaýan «Reon Pocket Pro Plus» atly täze nesil ykjam kondisionerini tanyşdyrdy....

11.04.2026 14:35
2.2k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

01.03.2026 11:55
4.6k+

Indi onuň önümlerine «ýapon telewizorlary» diýilmez: Panasonic TW biznesini Hytaýyň brendine geçirýär

Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy ABŞ-da we Ýewropada telewizor biznesini dolandyrmagy resmi taýdan Hytaýyň Skyworth kompaniýasyna berýär diýip, Financial Times ýazýar. Ylalaşygyň şertlerine görä, aprel aýyndan başlap Skyworth bellenen sebitlerde ýapon brendiniň önümleriniň logistikasyny, marketingini we satuwyny doly öz boýnuna alar...