Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

  • 11.04.2026 14:35
  • 2.2k+

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar berýär.

Bu çözgüt guramanyň tutuş dünýä boýunça 12 müň işgäriniň bir bölegine täsir eder. Iş orunlarynyň azaldylmagy eýýäm başlandy we serişdeleri täzeden paýlamak strategiýasynyň bir bölegi hökmünde ýakyn aýlarda dowam eder.

Kompaniýadaky çeşmeleriň maglumatyna görä, işden boşatmalar has geljegi uly ugurlara: oýunlara, anime, interaktiw taslamalara we YouTube üçin kontentlere ünsi jemlemek islegi bilen baglanyşyklydyr.

Sony kompaniýasy «The Last of Us» (Bizden soňkular) serialynyň üstünliginden ugur alyp, Sony Group ekoulgamy bilen arabaglanyşygy güýçlendirmegi we PlayStation oýunlarynyň ekranlaşdyrylan görnüşlerini çykarmagyň sanyny artdyrmagy maksat edinýär.

Mundan ozal, Ahujanyň ýolbaşçylygynda kompaniýa Çarli Braun we Snupi baradaky komiksleriň gahrymanlaryna bolan hukuklary hem satyn alypdy.


16.05.2026 09:56
4.9k+

Sony boýna dakylýan «şahsy kondisioneri» tanyşdyrdy

Sony kompaniýasy bedeni sowatmak üçin niýetlenen, boýna dakylýan we daşky gurşawa görä temperaturany öz-özünden sazlaýan «Reon Pocket Pro Plus» atly täze nesil ykjam kondisionerini tanyşdyrdy....

10.05.2026 19:42
1.8k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

16.03.2026 15:56
1.8k+

Täze Pokémon oýny Nintendo-nyň bazar gymmatyny 14 mlrd dollar ýokarlandyrdy

Täze Pokémon Pokopia oýnunyň gazanan üstünligi netijesinde, Nintendo kompaniýasynyň bahasy bir hepdäniň içinde 14 milliard dollar artdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Tokio fond biržasyndaky söwdalarda kompaniýanyň paýnamalary soňky bir hepdäniň dowamynda takmynan 18% gymmatlady...

06.03.2026 12:26
2.8k+

Resident Evil Requiem bir hepdeden hem az wagtda 5 million nusgada satyldy

Soňky hepdäniň dowamynda oýun dünýäsiniň iň esasy mowzugy Capcom kompaniýasynyň täze hödürlän Resident Evil Requiem atly horror oýny boldy. Bu oýun tankytçylar tarapyndan örän ýokary bahalandyryldy we oýunçylaryň hem gyzgyn garşylamagyna eýe boldy...