Resident Evil Requiem bir hepdeden hem az wagtda 5 million nusgada satyldy

  • 06.03.2026 12:26
  • 2.8k+

Soňky hepdäniň dowamynda oýun dünýäsiniň iň esasy mowzugy Capcom kompaniýasynyň täze hödürlän Resident Evil Requiem atly horror oýny boldy. Bu oýun tankytçylar tarapyndan örän ýokary bahalandyryldy we oýunçylaryň hem gyzgyn garşylamagyna eýe boldy. Häzirki wagtda Steam hyzmatynda oýun baradaky oňyn seslenmeler 95 göterime ýetdi, Metacritic platformasynda bolsa ol iň ýokary ulanyjy bahasyny almak ugrunda Clair Obscur: Expedition 33 oýny bilen bäsleşip, rekord goýmana synanyşýar.

Oýun satuwa çykanyndan bäri bir hepde hem geçmänkä, ähli platformalarda onuň 5 milliondan gowrak nusgasy satyldy.

Bu görkeziji täze bölümiň franşizanyň taryhynda şeýle uly satuw mukdaryna iň çalt ýeten oýun bolandygyny subut edýär. Deňeşdirmek üçin aýtsak, 2019-njy ýylda çykan Resident Evil 2 Remake başlangyçda 3 million nusga satylypdy we wagt geçdigiçe seriýanyň iň köp satylan oýnuna öwrülipdi. 2023-nji ýyldaky Resident Evil 4 Remake hem iki günde 3 million satuwa ýetse-de, 5 millionlyk sepgidi diňe alty aýdan soň aşyp bildi. Resident Evil Village bolsa şol mukdara diňe sekiz aýyň içinde ýetipdi. Şunlukda, Resident Evil Requiem bu ugurda özünden öňki ähli meşhur bölümleriň rekordyny täzeledi.

2026-njy ýylyň 22-nji martynda rowaýata öwrülen bu seriýanyň döredilenine eýýäm 30 ýyl dolýar. Üç onýyllygyň dowamynda Resident Evil oýunlarynyň umumy satuwy 183 million nusgadan geçdi we Capcom kompaniýasynyň iň üstünlikli hem-de girdejili taslamasy bolup galmagyny dowam edýär.


10.05.2026 19:42
1.7k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

11.04.2026 14:35
2.2k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

16.03.2026 15:56
1.8k+

Täze Pokémon oýny Nintendo-nyň bazar gymmatyny 14 mlrd dollar ýokarlandyrdy

Täze Pokémon Pokopia oýnunyň gazanan üstünligi netijesinde, Nintendo kompaniýasynyň bahasy bir hepdäniň içinde 14 milliard dollar artdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Tokio fond biržasyndaky söwdalarda kompaniýanyň paýnamalary soňky bir hepdäniň dowamynda takmynan 18% gymmatlady...

şu gün 12:04
729

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....