Täze Pokémon oýny Nintendo-nyň bazar gymmatyny 14 mlrd dollar ýokarlandyrdy

  • 16.03.2026 15:56
  • 1.8k+

Täze Pokémon Pokopia oýnunyň gazanan üstünligi netijesinde, Nintendo kompaniýasynyň bahasy bir hepdäniň içinde 14 milliard dollar artdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär.

Tokio fond biržasyndaky söwdalarda kompaniýanyň paýnamalary soňky bir hepdäniň dowamynda takmynan 18% gymmatlady. Bu görkeziji Nintendo üçin 2026-njy ýyldan bäri iň uly hepdelik ösüş boldy. Söwdalar bir paýnama üçin 10 220 ýapon iýenasy (takmynan 70 dollar) derejesinde tamamlandy.

Pokémon Pokopia oýny 2026-njy ýylyň 5-nji martynda satuwa çykaryldy. Ol diňe Nintendo Switch 2 oýun ulgamynda elýeterlidir. Oýun satuwa çykandan soňky ilkinji dört günüň içinde onuň 2,2 million nusgasy satyldy.

Pokémon Pokopia hakyky durmuşa öýkünip döredilen oýun bolup, onda ulanyjylar pokemonlar bilen bilelikde öz ýaşaýyş nokatlaryny ösdürip bilýärler.

Pokémon franşizasy 1996-njy ýylda Nintendo tarapyndan döredildi we gysga wagtyň içinde dünýäniň iň meşhur oýun tapgyrlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagta çenli Pokémon dünýäsine esaslanýan animasiýa we çeper filmler, şeýle-de dürli harytlar köpçülige hödürlenýär.


düýn 13:03
2.3k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

07.06.2026 10:17
5.8k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......