Indi onuň önümlerine «ýapon telewizorlary» diýilmez: Panasonic TW biznesini Hytaýyň brendine geçirýär

  • 01.03.2026 11:55
  • 4.6k+

Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy ABŞ-da we Ýewropada telewizor biznesini dolandyrmagy resmi taýdan Hytaýyň Skyworth kompaniýasyna berýär diýip, Financial Times ýazýar.

Ylalaşygyň şertlerine görä, aprel aýyndan başlap Skyworth bellenen sebitlerde ýapon brendiniň önümleriniň logistikasyny, marketingini we satuwyny doly öz boýnuna alar. Bu karar bir aý ozal Bravia bölüminiň gözegçiligini TCL-e beren Sony-niň şuňa meňzeş ädiminden soň kabul edildi.

Munuň ilkinji sebäbi girdejililigiň uzak wagtlap peselmegidir. Ýapon öndürijileri ilki koreý (Samsung, LG), soňra bolsa hytaý brendleri bilen baha bäsleşigine döz gelip bilmediler. Indi Panasonic ünsüni has girdejili ugurlara — Tesla üçin akkumulýator öndürmäge we korporatiw programma üpjünçiligini işläp düzmäge gönükdirmegi meýilleşdirýär. Gurluş üýtgeşmeleri iş orunlaryna hem täsir eder. Şunlukda takmynan 12 000 işgär möhletinden öň pensiýa çykmak maksatnamasy arkaly kompaniýany terk eder.

Bäsdeşlerinden tapawutlylykda, Panasonic brendi doly satmaýar. Kompaniýa Ýaponiýanyň içerki bazaryna gözegçiligi saklar we köpçülikleýin önümçiligi hem-de öňe sürmegi hytaý hyzmatdaşlaryna ynanyp, şekiliň hili babatdaky ylmy barlaglary dowam etdirer.


düýn 22:05
1.2k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

düýn 12:01
1.5k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
2.9k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

07.06.2026 10:17
6k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......