London marafonynyň ýeňijsiniň geýen «super-krossowkasy» Adidas-yň söwdasyny hem «öňe ylgatdy»

  • 30.04.2026 20:03
  • 5.8k+

2026-njy ýylyň London marafony sport dünýäsinde hakyky öwrülişik boldy. Bu ýaryşda rowaýaty «iki sagatlyk böwet» aşyldy we täze dünýä rekordlary goýuldy. Bellemeli ýeri, bu üstünlikde Adidas kompaniýasynyň innowasion tehnologiýalarynyň hem uly goşandynyň bardygydyr.

28-nji aprelde geçirilen marafonda ynsan ukyplarynyň araçägi öňküden-de giňedi. Onda Sebastýan Sawe (Keniýa) 1:59:30 netije bilen pellehana gelip, dünýä rekordyny bir minutdan gowrak gowlandyrdy. Ýomif Kejelça (Efiopiýa) 1:59:41 netije bilen ikinji boldy. Tigist Assefa (Efiopiýa) bolsa zenanlaryň arasynda 2:15:41 netije bilen täze dünýä rekordyny goýdy.

Iň täsin ýeri, agramly üstünlik gazanan bu üç türgeniň hem aýaklaryna tas agramsyz, bary-ýogy 97 gram bolan «Adizero Adios Pro Evo 3» krossowkasyny geýendikleridir.

Marafondan birnäçe gün öň tanyşdyrylan bu model 30-njy aprelde, ýagny şu gün 500 ýewro bahasy bilen satuwa çykaryldy.

Synçylaryň pikiriçe, bu rekordlar diňe bir fiziki taýýarlygyň däl, eýsem tehnologiýanyň hem ýeňşidir. «Endure» kitabynyň awtory Aleks Hatçinson sport aýakgaplaryny öndürijileriň arasyndaky bu «atly-ýaragly» ýaryşyň baryp, on ýyl ozal ýitileşendigini belleýär. Bu ýagdaý, Nike kompaniýasynyň çeýe köpürjik we karbon plastinkasyny özünde jemleýän täze gurluşy (meşhur Vaporfly modelleri) hödürlemegi bilen başlandy.

Hakykatdanam, şol wagtlar bu tehnologiýa marafonda ylgamagyň netijeliligini 4% diýen ýaly ýokarlandyryp, sport dünýäsinde uly öwrülişik döredipdi.

Nike kompaniýasynyň 10 ýyl ozal başlan «karbon plastinka + ýörite köpürjik» tehnologiýasy indi has belent derejä çykdy. Adidas bu tehnologiýany kämilleşdirip, ylgaw dünýäsinde täze sahypa açmagy başardy.

Bu sport ýeňşi Adidas-yň maliýe görkezijilerine derrew oňyn täsir etdi: Frankfurt biržasynda kompaniýanyň aksiýalary 1% ýokarlandy. Bu, ýylyň başyndan bäri dowam edýän ykdysady pese düşüşlerden soňky ilkinji möhüm ösüşdir.

Kompaniýanyň ylgaw harytlary bölümi 2025-nji ýylda 30%-den gowrak ösüş görkezipdi. London marafony bolsa bu islegi has-da güýçlendirdi.

Täze ösüp gelýän On we Hoka ýaly markalaryň arasynda Adidas özüniň professional segmentdäki liderligini gaýtadan tassyklady.

Garaz, ýeňiji türgenleriň aýagyndaky 97 gramlyk köwüşler Adidas üçin milliardlarça dollarlyk mahabat we maýadarlaryň ynamyny gazanmak üçin tapylgysyz gural boldy.


şu gün 11:08
468

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

düýn 22:05
1.5k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

düýn 12:01
1.6k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
2.9k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......