Türkmenistanda Magtymgulynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki ýygyndysy tanyşdyryldy

  • 26.12.2024 17:32
  • 5k+

25-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Dabarada Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Sýan Naýçen, Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew, şeýle hem institutyň mugallymlary çykyş etdiler. Şeýle-de çäräniň barşynda Hytaýyň ylmy we jemgyýetçilik işgärleriniň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi.
Dabara gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, ýüzýyllyklaryň geçendigine garamazdan, Magtymgulynyň eserleri täze röwüşde ýaňlanýar we Türkmenistanyň çäklerinden has uzaklarda-da barha meşhurlyga eýe bolýar. Akyldar şahyryň goşgulary Watana söýginiň, ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň, raýdaşlygyň, dürli medeniýetleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň çagyryşy bolup çykyş edýär.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

27.06.2026 11:02
1.9k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......