Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýşa ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylyşyna nägilelik bildirdi

  • 26.12.2024 16:57
  • 8.7k+

25-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowyň we Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda häzirki döwürde alnyp barylýan işler, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak, täze merkeziň gurluşygynyň depginlerini artdyrmak we onuň enjamlaşdyrylyşyna häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşmek boýunça taýýarlanan maksatnama barada hasabat berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, lukmanlaryň halkymyzyň saglygyny goramak babatda tutanýerli zähmet çekmelidiklerini aýdyp, bu ugurdaky işlere lukmanlaryň mynasyp goşantlaryny goşmalydyklaryna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamynda möhüm ähmiýetli wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, esasy üç ugra aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,

  • Täze gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde bir bitewi seljeriş-intellektual bölümi döredilmelidir. Bu bölüm lukmançylygyň halkara talaplaryna, hususan-da, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine laýyk gelmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şeýle seljeriş-intellektual bölümiň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
  • Bu bölümiň işini kämilleşdirmek üçin sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan ýaş oglan-gyzlary saýlap-seçmeli. Bu ýaşlar hemişe täzeçilligiň gözleginde bolup, alyp barjak işlerini ylym bilen utgaşdyrmalydyrlar, işinde uly jogapkärçiligi duýmalydyrlar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
  • Bu bölüme ýaşlar saýlanyp alnanda, olaryň köp sanly daşary ýurt dillerini bilmekleriniň, iňlis, nemes, ýapon, hytaý, koreý, rus dillerini giňden özleşdirmekleriniň zerurdygyndan ybaratdygyna ünsi çekdi. Bu ýerde işlejek lukmanlar öz alan bilimleri we öwrenen tejribeleri esasynda dogry, dürs çözgüt kabul etmegi başarmalydyrlar. Hemmetaraplaýyn ukyp-başarnykly bolup, öz işine yhlasly çemeleşmelidirler. Umuman aýdanyňda, seljeriş-intellektual bölümi keseli dogry we takyk anyklamalydyr. Keseliň netijesi boýunça bejeriş işleri üçin anyk maglumatlar ýüze çykarylmalydyr. Maglumatlaryň takyklygy bejeriş işlerini ýokary derejede guramaga ýardam berer.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda häzirki zaman ylmyny, aýratyn-da, intellektual eýeçiligiň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan döwrebap ylmyň hemmetaraplaýyn özleşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan ylmy işleriň pesdigine ünsi çekdi. Şeýle hem ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigine garamazdan, intellektual ylmy ösdürmek boýunça degişli kada-kanunyň işlenip taýýarlanylmaýandygyna ünsi çekip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, aýratyn-da, ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmakda, saglygy goraýyş ulgamynda, ýokary okuw mekdeplerinde, pudaklaýyn edara-kärhanalarda, ylmy merkezlerde netijeli işleri ýola goýmakda ministrligiň guramaçylyk işlerine we häzirki zaman ylmynyň özleşdirilmegine tankydy bellikleri aýdyp, bu ugurda ministrligiň alyp barýan işine nägilelik bildirdi.


düýn 12:08
5.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......