Serdar Berdimuhamedow Maýýa Sanduwy Moldowanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady

  • 26.12.2024 08:10
  • 5.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Maýýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Gutlag haty resmi metbugatda çap edildi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Maýýa Sanduwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine bu ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Maýýa Sandu kasam kabul edip, Moldowanyň Prezidenti hökmünde ikinji möhlete wezipä girişdi. Kasam kabul etmek dabarasy Moldowanyň Parlamentiniň we Konstitusion kazyýetiniň mejlisinde geçirildi. Oňa deputatlar we hökümet agzalary gatnaşdy.
Sanduwyň birinji möhleti 24-nji dekabrda tamamlandy. Ol 20-nji oktýabrda we 3-nji noýabrda geçirilen saýlawlaryň netijeleri boýunça saýlandy.


şu gün 19:38
234

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
188

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......