Türkmenistanyň bilim ministri ÝUNISEF-iň wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 26.12.2024 07:30
  • 2.3k+

23-nji dekabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna bilen duşuşdy.

Ministrligiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hem-de bilim we çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda Arkadag şäherinde robot tehnikasy klubunyň açylmagy hem-de döwrebap sanly bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen birlikde STEAM-bilimiň ösdürilişine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda taraplar interaktiw okuw serişdelerini döretmek, bilimi dolandyrmagyň maglumat ulgamyny ornaşdyrmak we mugallymlary taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary maslahatlaşdylar.
Ministr irki ösüş we inklýuziýa babatda ÝUNISEF-iň alyp barýan işiniň wajypdygyny belläp, Aşgabatdaky hem-de Lebap welaýatyndaky çagalar baglarynyň binýadynda irki ösüş merkezlerini döretmegiň, şeýle hem irki goşulyşmak otaglarynyň açylmagynyň netijelerini nygtady. Bu tagallalar bilim işinde ene-atalaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga hem-de aýratyn talaplar gerek bolan çagalar üçin bilime irki elýeterliligiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Hanym Jalpa Ratna bilim ulgamyny kämilleşdirmekde Türkmenistanyň uly üstünlikleri görkezýändigini belledi. Myhman hemmeler üçin ýokary hilli hem-de elýeter bilimi ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamagy dowam etmäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy geljekde pugtalandyrmaga hem-de Türkmenistanyň çagalarynyň we ýaşlarynyň abadançylygyna gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny tassykladylar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......