“Demir adam” ysmaz keselli adamlar üçin hakyky kostýumyň işlenip taýýarlanmagyna  ylham berdi

  • 26.12.2024 07:32
  • 11k+

Günorta koreýaly alymlar ysmaz bolan adamlara hereket etmäge kömek edýän, ýeňil geýilýän WalkON Suit F1 robotyny öndürdiler diýip,  Reuters  habar berýär.

Işläp düzüjileriň biri Kim Syn Hwanyň özi paraplegiýadan (elleriň ýa-da aýaklaryň ikisini hem hereketden goýýan ysmazyň bir görnüşi) ejir çekýär. Ol Koreýanyň öňdebaryjy ylym we tehnologiýalar institutynyň (KAIST) Ekzoskeletler laboratoriýasynyň toparynyň düzümine girýär.
Alymyň sözlerine görä, kostýum ysmazly adamlara sagatda 3,2 km tizlik bilen ýöremäge, basgançaklara çykmaga we gapdala ädim ätmäge mümkinçilik berýär.

“Ol nirede bolsam-da, hatda maýyplaryň arabasynda otyrkam hem meniň ýanyma gelip, ýerimden turmaga kömek edip biler. Bu onuň tapawutly aýratynlyklaryndan biridir " - diýip, Kim gürrüň berýär.

Kostýumyň agramy 50 kg hem-de alýuminden we titandan ýasalan. Hereket bogunlaryň işleýşini simulasiýa edýän 12 sany elektrik hereketlendirijisi arkaly üpjün edilýär. Deňagramlylygy saklamak üçin robot sekuntda 1000-e çenli signaly işlemäge ukyply datçikleri ulanýar.
Işläp düzüjiler "Demir adam" filminden ylham aldylar.

"Hakyky durmuşda adamlara kömek edýän robotlar döredilse gaty gowy bolardy diýip pikir edipdim" – diýip, inžener Park Çon Su pikirini paýlaşýar.

Ekzoskeletdäki linzalar göz ýaly hereket edýär, daşky gurşawy seljerýär we ulanyja päsgelçilikleri ýeňip geçmäge kömek edýär.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......