Ispaniýada süýdemdirijileriň gadymy atasy tapyldy

  • 23.12.2024 15:29
  • 13k+

Ispaniýanyň Maýorka adasynda häzirki süýdemdirijileriň atasy hasaplanýan gylyç dişli ýyrtyjy gorgonopsyň galyndylary tapyldy. “Nature Communications” žurnalynda ýazylyşyna görä, tapyndylaryň ýaşy 280 million ýyla deňdir. Bu ony öz görnüşindäki iň gadymy tapyndy edýär, öňki tapylan gorgonopslar mundan 15 million ýyl “ýaşdyr” diýip, hi-tech.mail.ru habar berýär.

Ozal bu haýwanlaryň süňkleri diňe Russiýada, Günorta Afrikada tapylypdy.

“Süňk galyndylarynyň sany haýran galdyrýar. Biz kelleçanagyň, oňurganyň we gapyrganyň böleklerinden başlap, gowy goralýan femura çenli ähli zady tapdyk" diýip, gözlegiň awtory Rafel Matamales aýtdy.

Alymlar haýwanyň daşky görnüşini we hereketlerini täzeden gurup bildiler. Gözleg işleri gorgonopslaryň uzyn gylyç ýaly elleriniň, dik aýaklarynyň bardygyny we olaryň häzirki süýrenijilere garanyňda has täsirli bolandygyny ýüze çykardy.
Paleontolog Ken Enjelçik: "Bu haýwany köçede gören bolsaňyz, size iti ýatladardy, ýöne onuň saçsyz we uzyn gylyç şekilli elleri bar" diýip düşündirdi.
Gylyç ýaly uly dişli bolmak olaryň ýaşaýan ýerlerinde iň esasy ýyrtyjynyň ýagdaýyny görkezýär. Şeýle-de bolsa, olar gyzgyn ganlydygyna garamazdan, ýumurtga goýdular diýip, interestingengineering.com ýazýar.
Kataloniýanyň paleontologiýa institutyndan Anhel Galobart: "Bu gorgonops, şübhesiz öz daşky gurşawynyň iň esasy ýyrtyjysy bolandyr" diýip, aýdylanlaryň üstüni ýetirdi.


22.06.2026 23:12
4.2k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......