Ýaponiýada syýahatçylaryň sany noýabryň ahyryna çenli ýyllyk rekorddan geçdi

  • 20.12.2024 21:38
  • 3.3k+

Ýaponiýanyň milli syýahatçylyk guramasynyň maglumatlaryna görä, ýanwar aýyndan noýabr aýy aralygynda Günüň dogýan ýurduna 33 379 900 adam baryp gördi. Şeýle mukdar 2019-njy ýylda goýlan öňki 31,88 mln adam ýyllyk rekordyndan hem geçýär diýip, Nippon habar berýär.

Syýahatçylaryň sanynyň ösüşi ýenanyň gowşaklygy we awiagatnawlaryň sanynyň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Aziýanyň Günorta Koreýa, Taýwan we Gonkong ýaly ýerlerinden gelýän syýahatçylardan başga-da, ABŞ-dan we Ýewropadan gelýänleriň sany artdy.

“Eger ähli zat gowy bolsa, 2024-nji ýylda syýahatçylaryň umumy sany 35 milliondan geçer” diýip, Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentliginiň komissary Haraikawa Naoýa belledi.

Bellenilişi ýaly, diňe noýabr aýynda daşary ýurtly myhmanlaryň takmyn sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 30,6% ýokarlanyp, 3 187 000-e ýetdi we yzygider ikinji aý 3 mln görkezijiden geçdi. Bu COVID-19 pandemiýasyndan öňki derejeden hem 30,5% ýokarydyr.


25.06.2026 23:36
5.8k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......