Indi ChatGPT bilen telefon arkaly gürleşip bolýar: onuň öz belgisi bar

  • 20.12.2024 12:12
  • 5.9k+

OpenAI 12 günlük anonslar marafonynyň çäklerinde täze mümkinçiligi hödürledi – kompaniýa ChatGPT bilen telefon arkaly gürleşmegi teklip edýär. Emeli aňa jaňlar ABŞ-daky ulanyjylar üçin elýeterlidir, gürrüňdeşligiň wagty bolsa 15 minut bilen çäklenýär diýip, Digital Trends habar berýär.

Kompaniýa emeli aň üçin 1-800-ChatGPT telefon belgisini işe girizýär.

“OpenAI-iň maksady – emeli umumy aňy tutuş adamzat üçin peýdaly etmek we ony mümkin boldugyndan has köp adamlar üçin elýeterli etmek munuň bir bölegidir. Şu gün biz indiki ädimi ädip, ChatGPT-ni siziň telefonyňyza goşýarys” – diýip, OpenAI-iň önüm boýunça baş müdiri Kewin Weýl aýdýar.

Jaň etmek üçin OpenAI-iň akkaunty gerek däl, funksiýanyň işleýşi bolsa ykjam gurluşlardaky Advanced Voice Mode (AVM) bilen deňdir. Ulanyjylar sorag berip, sözleri terjime edip, hatda degişme aýdyp bermegi sorap biler.
Görkezilişiň dowamynda çat-bot birnäçe soraga takyk jogap berdi: ondan Kaliforniýanyň Hilsboro şäherindäki 280-nji ýoluň ugrunda ýerleşýän binagärlik ýadygärligi barada soraldy – çat-bot gürrüňiň “Flinstounlaryň öýi” baradadygyna düşündi.
Ýatlap geçsek, OpenAI öz çat-botunyň elýeterliligini yzygiderli giňeldýär. Ilkibaşda ony diňe web-saýt arkaly ulanmak bolýardy, indi bolsa ChatGPT Apple we Windows üçin stol programmasy hökmünde, şeýle-de iOS we Android gurluşlarynda elýeterlidir.
“12 gün OpenAI” aksiýasynyň dowamynda kompaniýa köp sanly täze modelleri, önümleri we funksiýalary, şol sanda o1 modelini, Sora wideo döredijisini, aýda $200 bahaly Pro nyrhnamasyny we işläp düzüjiler üçin täze gurallary hödürledi.


28.05.2026 09:06
2.9k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......

13.05.2026 15:09
4.4k+

Angilýa adasy .ai domeni arkaly onlarça million dollar gazanýar

Karib deňzindäki Angilýa adasy emeli aňyň dünýä derejesindäki meşhurlygynyň artmagy bilen býujet girdejileriniň birden köpelmegini hasaba aldy. Muňa garamazdan, adanyň özi tehnologik merkez hasaplanmaýar: bu......