Marokkoda ICESCO-nyň ştab-kwartirasynda Magtymgulynyň 300 ýyllygy bellenildi

  • 20.12.2024 08:00
  • 3.6k+

18-nji dekabrda Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde Bütindünýä yslam ýurtlarynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) ştab-kwartirasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi. Çärelere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Çäreler Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ICESCO-nyň Baş direktoraty we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş Sekretariaty (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guraldy.
Günüň birinji ýarymynda M.Bäşimowanyň ICESCO-nyň Baş direktory doktor Salem Bin Mohammed Al Malik bilen duşuşygy boldy. Taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde medeni diplomatiýanyň ähmiýetini nygtadylar.
Soňra beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly çäreler başlandy. Ilki bilen, dabara gatnaşyjylara türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Soňra türkmen we daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin bilelikdäki tagallalar» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyşy boldy.
Maslahaty açmak bilen, ICESCO-nyň Baş direktory doktor Salem Bin Mohammed Al Malik Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ynsanperwer mazmunynyň tutuş adamzat üçin, esasan hem Yslam dünýäsi üçin aýratyn ähmiýetini nygtady. ICESCO-nyň Baş direktorynyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy ýurtlary we halklary birleşdirýän özboluşly köprini döretdi. Türkmenistanyň Hökümetine we TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçylaryna ICESCO-nyň meýdançasynda şeýle möhüm çäräni geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, doktor Al Malik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Soňra TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Soltan Raýew çykyş etdi. Marokko Patyşalygynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek başlangyjyny goldandyklary üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna, şeýle hem ICESCO-a minnetdarlygyny bildirdi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa öz çykyşynda ICESCO-nyň we TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçylaryna bu çäräni ýokary derejede gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Magtymguly Pyragynyň bütin dünýäde hormatlanmagynyň tutuş adamzat üçin onuň ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýandygyny nygtady.
Maslahatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi Kakajan Janbekow, dosent, Ankara uniwersitetiniň türki dilleriň häzirki zaman dialektleri fakultetiniň doktory Seljan Saglyk Şahin we ICESCO-nyň özara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk departamentiniň ýolbaşçysy Anar Karimow çykyş etdiler.
Maslahat tamamlanandan soň türki dünýäsiniň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala konserti geçirildi.


düýn 17:31
1.2k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....