Serdar Berdimuhamedow Kuala-Lumpurda Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen gepleşikleri geçirdi

  • 19.12.2024 14:36
  • 5.3k+

Şu gün, 19-njy dekabrda Kuala-Lumpurda ilkinji gezek resmi saparda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahim bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentini resmi taýdan garşylamak dabarasy Kuala-Lumpurdan 20 kilometr uzaklykdaky Malaýziýanyň häzirki zaman dolandyryş merkezi hasaplanýan Putrajaýa şäherinde geçirildi. 1995-nji ýylda esaslandyrylan bu şäherde Premýer-ministriň we Hökümetiň iş kabulhanasy ýerleşýär.
Dostlukly ýurduň Hökümet binasynyň öňündäki Perdana meýdançasynda guralan resmi garşylamak dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ikiçäk duşuşygy geçirildi. Iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýlary we geljegi nazara almak bilen, onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara gün tertibiniň gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik ugurda, hususan-da, halkara guramalardyr forumlaryň çäklerinde ählumumy meseleler babatda pikir alyşmagy dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi. Taraplar energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtap, şunda «PETRONAS» kompaniýasynyň köpýyllyk oňyn tejribesine aýratyn üns çekdiler. Iki ýurduň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň hem uly geljegi bar. Şoňa görä, duşuşykda Türkmen-malaý işewürler geňeşini döretmäge taýýarlyk tassyklanyldy. Şeýle-de ulag, medeniýet, bilim, syýahatçylyk, sport babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz we Malaýziýanyň Premýer-ministri ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron görnüşinde habar berilýär.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......