Alymlar iň uly aýsbergi öwrenýärler: ol 30 ýyl durgunlykdan soň süýşüp başlady

  • 18.12.2024 16:39
  • 9.5k+

Alymlar otuz ýyldan gowrak durgunlykdan soň Günorta ummanda dünýäniň süýşýän iň uly buz bölegi bolan A23a aýsbergini öwrenýärler diýip, “Wokrug sweta” neşiri ýazýar.

Onuň ululygy hatda uly metropollardan hem geçýär, aýsberg Londondan hem iki esse uly, massasy bolsa bir trillion tonna barabardyr.
Aýsberg ozal Günorta Orkneý adalarynyň demirgazygyndaky ýerini terk edipdi we häzirki wagtda Günorta ummanyň suwlarynda erkin hereket edýär. Gözlegçiler onuň hereketiniň sebitiň ekosistemasyna ep-esli derejede täsir edip biljekdigine ynanýarlar.

“Birnäçe wagtdan soň A23a-nyň täzeden hereket edýändigini görmek tolgundyryjy. Onuň hem Antarktidadan bölünip aýrylan beýleki uly aýsbergler ýaly şol ýoldan gitjekdigi hakda pikir edýäris. Has möhümi, bu ýerli ekosistema nähili täsir eder" diýip, Britaniýanyň Antarktida gözlegçilik gullugynyň işgäri, ummanlary öwreniji Endrýu Meýers aýtdy.

Aýsberg boýunça geçirilýän gözlegler ummandaky buz akymlary bilen deňiz ekosistemasynyň arasyndaky özara täsire has gowy düşünmäge kömek eder. Bu howanyň üýtgemegini öwrenmek üçin-de täsir edýär diýip, vokrugsveta.ru ýazýar.


22.06.2026 23:12
4.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......