Parižde «Diwany lugat at-türk» eseriniň 950 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

  • 17.12.2024 10:33
  • 1.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş edarasynyň binasynda geçirilen «Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: «Diwany lugat at-türk» eseriniň 950 ýyllygy» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Maslahat türki dünýäsiniň we dünýä medeni mirasynyň gymmatly hazynasy bolan türk diliniň ilkinji ensiklopediki sözlüginiň (Diwany lugat at-türk) 950 ýyllygyna, şeýle hem onuň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizilmegine bagyşlandy.
Maslahata Fransiýada akkreditlenen türki döwletleriniň ilçileri, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky milli toparlarynyň Jogapkär sekretarlary, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky türki ýurtlarynyň hemişelik wekilleri we Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Wengriýanyň hem-de beýleki döwletleriň görnükli alymlary gatnaşdylar.
Maslahatda ÝUNESKO-nyň we beýleki halkara guramalaryň wekilleri, görnükli gündogarşynaslar we türkologlar çykyş etdiler.
Türk medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň prezidenti Aktoty Raýymkulowa giriş sözünde bu meşhur eseriň taryhy ähmiýetini we häzirki wagtda medeniýetara dialogy ösdürmekdäki ornuny nygtady.
ÝUNESKO-nyň Afrika we daşary gatnaşyklar boýunça Baş direktorynyň orunbasary Firmin Eduard Matoko bu eseriň diňe bir türki dünýäsi üçin däl, eýsem bütindünýä medeni mirasy üçin hem uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdi.
ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş maslahatynda «Diwany lugat at-türk» eseriniň 950 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi. Bu karar Wengriýanyň, Mawritaniýanyň, Marokkanyň, Kataryň we Täjigistanyň goldawy bilen Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilelikdäki teklibi esasynda kabul edildi.
Maslahat ÝUNESKO-nyň işleri baradaky milli toparlaryň we ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň ýardamy bilen geçirildi.


düýn 11:24
5.6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
3.9k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

15.06.2026 15:47
9.9k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....