Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystana iş saparyny amala aşyrdy

  • 16.12.2024 15:51
  • 29k+

15-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystana iş saparyny amala aşyryp, iki ýurduň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli energetika, ulag we infrastruktura halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň barşynda türkmen wekiliýetiniň ýanynda Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiller boldular.
Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm tapgyr bolan Owganystanyň çägindäki Serhetabat-Hyrat böleginde gurluşyk işleriniň gidişi bilen tanyşdy.
Şeýle hem, wekiliýet «Arkadagyň ak ýoly» atly optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini we Turgundy demir ýol bekediniň gury portunda ammarlar toplumyny hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar bölegini gurmak boýunça alnyp barylýan işleri synlady.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Owganystanyň çägindäki bu taslamalara badalga berildi.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......