Italiýada ilkinji gezek urup duran ýürek transplantasiýa edildi

  • 15.12.2024 16:56
  • 5.6k+

Paduýa şäherindäki italiýaly kardiohirurglar dünýäde ilkinji gezek operasiýanyň ähli tapgyrlarynda urmagyny dowam etdiren ýüregiň transplantasiýasyny geçirdiler. Bu barada şäheriň uniwersitet hassahanasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

65 ýaşly erkek adamda iki hepde mundan ozal geçirilen operasiýa transplantologiýa üçin täze gözýetimleri açýar. Baş hirurg Jino Jerozanyň aýtmagyna görä, bu usulyň aýratynlygy ýüregiň donordan alnan pursatyndan başlap, tä implantasiýa tamamlanýança işjeň urmagyny dowam etdirmegidir.
Täze usul ýüregiň duran wagty we işemiýa hem reperfuziýa bilen baglanyşykly ýüze çykýan zeperlerden gaçmaga mümkinçilik berer. Bu organyň funksiýasynyň dikelmegini çaltlaşdyrýar we hassa üçin çaklamalary gowulandyrýar.
Hassa üstünlikli dikeldi we çykarylmaga taýýarlanýar. 1985-nji ýylda hut bu bölümde Italiýada ilkinji ýürek transplantasiýasy geçirildi.
Messaggero gazeti operasiýany global kardiohirurgiýada “kopernik rewolýusiýasy” diýip atlandyrdy.


şu gün 17:46
667

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

şu gün 15:54
1.6k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

düýn 07:25
4.6k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.8k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......