Mask hakyky surata meňzeş şekilleri döretmek üçin Aurora neýroulgamyny hödürledi

  • 15.12.2024 16:45
  • 4.6k+

Ilon Mask xAI tarapyndan işlenip düzülen Aurora neýroulgamynyň işe başlandygyny habar berdi. Bu model suratlary döretmekde ýokary derejeli fotorealizme we takyklyga ýetmäge mümkinçilik berýän, Internetden alnan milliardlarça mysallar esasynda tälim aldy.

Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, Aurora tekstleri, logotipleri we adamlaryň portretlerini döretmekde beýleki neýroulgamlardan has ýokarydyr.
Model diňe bir tekstiň talaplaryna esaslanýan şekilleri döretmäge däl-de, eýsem, ulanyjy tarapyndan berlen suratlary redaktirlemäge hem mümkinçilik berýän multimodal girişi goldaýar. Bu Aurorany, aýratyn-da, wizual mazmun bilen işleýänler üçin peýdaly edýär.
Neýroulgamyň täze funksiýalary Grok platformasyndaky käbir ýurtlarda ulanyjylar üçin eýýäm elýeterlidir. Bir hepdäniň içinde ol ähli ulanyjylara elýeterli bolar diýlip garaşylýar. Işläp düzüjiler Auroranyň beýleki modelleriň çözüp bilmejek meselelerini has gowy ýerine ýetirip biljekdigine ynanýarlar.


17.06.2026 11:11
1.2k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......