Türkmen oba hojalyk instituty halkara reýtingde hasaba alyndy

  • 15.12.2024 10:56
  • 3.7k+

Türkmen oba hojalyk instituty 2024-nji ýylda “UI GreenMetricWorld University Ranking” atly uniwersitetleriň reýtinginde 726-njy orunda hasaba alyndy. Reýtingde ýokary okuw jaýlarynyň daşky gurşawy goramak, energiýa, howanyň üýtgemegi, galyndylary dolandyrmak, ulag we durnuklylyk boýunça bitirýän işleri bahalandyrylýar. Bu ýyl bu reýtinge dünýäniň 95 döwletinden 1477 sany ýokary okuw mekdepleri gatnaşdylar. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär.

“UI GreenMetricWorld University Ranking” halkara uniwersitetleriň reýtingi durnukly ösüşiň maksatlaryna daýanýan birnäçe görkezijiler boýunça bahalandyrylýar. Daşoguz welaýatyndaky Türkmen oba hojalyk instituty howanyň üýtgemegi, energiýa, galyndylar, suw, ulag, ylym we gözleg ýaly ugurlar boýunça netijeli işleri alyp barýar. Institutyň mugallymlary, işgärleri taýýarlaýan ylmy makalalarynyň, ylmy işleriniň üsti bilen reýtingde ýokary netijeleri gazanmaga öz mynasyp goşantlaryny goşdular.
Belläp geçsek, bu halkara reýtinge Türkmenistandan jemi 11 sany ýokary okuw mekdebi hasaba alyndy.


düýn 18:12
5.1k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 16:37
4.7k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......

düýn 16:35
6k+

Türkmenistanyň Prezidentine ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça......

düýn 07:55
2.5k+

Oguz han adyndaky ITU daşary ýurt uniwersitetleri we kompaniýalary bilen 5 şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat......