Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri maslahatlaşyldy

  • 12.12.2024 10:57
  • 4.2k+

10-njy dekabrda Türkmenistanyň DIM-nde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) täze bellenilen Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, MHG-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Serhan Aktoprak bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda türkmen tarapy myhmany täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt bildirdi.
Şeýle hem Türkmenistan bilen MHG-niň özara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, şeýle hem geljek üçin bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi.
Taraplar bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, adam söwdasyna garşy göreşmek meselelerine Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde garalýandygyny nygtadylar.
Söhbetdeşler 2025-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......