Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

  • 11.12.2024 18:39
  • 15k+

10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisiniň we onuň çäklerinde bolan duşuşygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan goňşy hem doganlyk ýurtlar, hususan-da, türki döwletler bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we doganlyk halklary taryhyň, medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu guramanyň düzüm birlikleri, hususan-da, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň gerimini giňeltmek maksadalaýykdyr. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň ähmiýeti hem bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Binali Ýyldyrymy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.


şu gün 07:51
988

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
952

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......