Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

  • 11.12.2024 13:08
  • 6.7k+

10-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germany kabul etdi.

Iri halkara guramanyň wekili döwlet Baştutanyna özüne Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary sylagyň — ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Nygtalyşy ýaly, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň ikisi bilen resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmak bilen, Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk, özygtyýarlylyk ýörelgelerine eýerip, halkara syýasatda wajyp orny eýeleýär.

Halkara hukuk tertibini berkitmäge çalyşmak bilen, biz BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris hem-de ählumumy dolandyryşyň köppolýarly ulgamyny ösdürmek we bu guramanyň maksatlaryny, Tertipnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda çykyş edýäris diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň daşary syýasaty sebit we halkara derejede durnuklylygyň, ösüşiň bähbitlerine dialogy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir diýip, Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoraty bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, durnukly parahatçylyk we halkara howpsuzlyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan terrorçylygyň ählumumy derejedäki wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen tagallalara işjeň gatnaşýar. BMG-niň bu düzümi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň halkara howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri öz wagtynda işläp taýýarlamak üçin uly ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz terrorçylyga garşy göreşmek babatda Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk derejesini ýokarlandyrmagy, maglumatlary, tejribeleri alyşmagy, parahatçylygyň, durnuklylygyň bähbidine hukuk we beýleki degişli gurallary berkitmegi maksat edinýän başlangyçlarynyň goldanylmagynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......