Belgiýanyň täze ilçisi Türkmenistanda diplomatik işine başlady

  • 11.12.2024 10:14
  • 1.3k+

10-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žýulen de Fraýpondan ynanç hatyny kabul etdi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ilçi döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutup, durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň esasy maksatlary we wezipeleri barada gürrüň berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy.
Türkmen-belgiýa parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi boldy. Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklaryň giňeldilmegi syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer dialogyň işjeňleşdirilmegine ýardam eder.
Şol gün 
ilçi Žýulen de Fraýpon şeýle hem Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen duşuşdy.
Ilçi diplomatik işini Baku şäherinde oturýan ýerinden alyp barar.


düýn 23:05
934

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......