Alymlar hakyky Santa-Klausyň ýüz keşbini dikeltdiler

  • 11.12.2024 08:33
  • 12k+

Ylmy gözlegçiler döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen IV asyrda häzirki Türkiýäniň çäginde ýaşan keramatly Nikolaý Mirlikiýskiniň ýüz keşbini gaýtadan dikeltdiler. Hut onuň şahsyýeti Santa-Klausyň obrazynyň peýda bolmagy üçin esas boldy. Ylmy gözleg onuň kelle süňküniň we gadymy suratlandyrmalaryň derňewine esaslanýar diýip, Daily Mail habar berýär.

Alymlar topary 1950-nji ýyllarda italiýaly antropolog Luiji Martino tarapyndan böleklerden ýygnalan kelle süňküni ulandy. 3D modelirleme usulynyň kömegi bilen Nikolaýyň ýüzüniň wirtual gurluşy döredildi.

“Kelle çanagy iri, dolmuş ýüz bolsa 1823-nji ýylda “Keramatly Nikolaýyň gelmegi” goşgusyndaky suratlandyrma bilen gabat gelýär” – diýip, taslamanyň ýolbaşçysy Sisero Morais belledi.

Şeýle-de, alymlar Nikolaýyň hroniki artritden we kellagyrydan ejir çekendigini anykladylar. Muňa garamazdan, ol özüniň ýagşylygy we garyplaryň öýlerine sowgatlary gizlin goýup, kömek etmegi bilen şöhratlanypdyr.
Soňrak onuň keşbi Niderlandlarda Sinterklaasyň döremegine ruhlandyrdy, ol hem wagtyň geçmegi bilen ABŞ-da Santa-Klausa öwrüldi.
Hünärmen diňe bir ýüz keşbi däl, eýsem gadymy ikonografik çeşmelere daýanyp, Keramatly Nikolaýyň egin-eşigini hem dikeltdi.
Alymlar Roždestwo sahylygynyň nyşanyna öwrülen adamyň durmuşy barada has köp maglumat bilmek üçin, Nikolaýyň galyndylaryny öwrenmegi dowam etdirýärler.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......