Google-iň täze emeli aň guraly 97% takyklyk bilen 15 günüň howasyny çaklap bilýär

  • 10.12.2024 16:31
  • 5.2k+

Google DeepMind täze emeli aň modeli bolan GenCast-y işläp düzdi. Bu model 15 güne çenli howa maglumatlaryny ýokary takyklyk bilen çaklap bilýär.

Modeliň howanyň şertlerini çaklamak prosesi bary-ýogy 8 minut dowam edýär, emma adaty usullarda munuň üçin has köp wagt we has köp hasaplamalary geçirmek gerek bolýar. Ylmy barlaglar GenCast-yň howanyň şertlerini 97% takyklyk bilen öňünden aýdyp bilýändigini, hususan-da güýçli harasat, ýylylyk tolkunlary we tropik siklon ýaly adatdan daşary ýagdaýlary çaklamakda ýokary netijeleri berýändigini görkezdi, diýip "Nature" žurnaly habar berýär.
GenCast guraly 1979-2018 ýyllar aralygyndaky howa maglumatlaryna esaslanýar.
Şeýle hem täze model «diffuziýa» usulyny ulanýar. Bu usul maşyn öwrenişinde ulanylýan usul bolup, bar bolan maglumatlara tötänleýin ses goşýar we modeliň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar.
Google DeepMind-dan Ilan Praýsyň aýtmagyna görä, GenCast ylmy jemgyýet üçin elýeterli bolar we çylşyrymly meteorologiki proseslere has gowy düşünmäge kömek eder. GenCast-da maglumatlaryň açyk we elýeterli bolmagy adatdan daşary howa hadysalaryny öwrenmäge we olara taýýarlyk görmäge kömek edýär.
Adatdan daşary howa ýagdaýlarynyň ýakynlaşmagy baradaky çaklamalar, bu howa şertlerine köp sezewar bolýan sebitlerde ýaşaýan adamlara tebigy betbagtçylyklara has gowy taýýarlanmaga mümkinçilik berýär.


düýn 12:05
1.9k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...

27.02.2026 21:33
8.2k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.6k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...

21.02.2026 14:09
1.1k+

Google habarçylaryň şikaýatlaryndan soň EA-gözleginiň interfeýsini üýtgetdi

Google kompaniýasy «EA-dan syn» (AI Overviews) we Geminä esaslanýan «Emeli aň tertibi» bölümlerinde gipersalgylanmalaryň görkezilişine üýtgeşmeler girizdi. Bu barada Google Search önümleri boýunça wise-prezidenti Robbi Steýn habar berýär...