Türkmenistanda Efiopiýanyň täze ilçisi işe başlady

  • 10.12.2024 11:22
  • 3.4k+

9-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jemal Beker Abdulladan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda ilçä Türkmenistanyň içeri syýasaty we dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, şol sanda Afrika yklymynyň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi.
Türkmen-efiopiýa hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Şeýle-de diplomat Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi, döwlet Baştutanynyň durmuşa geçirýän demokratik özgertmeleriniň hukuk binýadyny üpjün etmekde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.
Ilçi öz tarapyndan netijeli döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.
Şol gün Efiopiýanyň ilçisi
 şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi. 


düýn 16:30
503

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
695

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......