Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

  • 10.12.2024 09:15
  • 3.5k+

9-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýaap Oradan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda D.Gulmanowa diplomaty Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy. 
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň çäklerinde deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleriniň binýadynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlardaky meseleleri boýunça özara pikir alşyldy. Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen hem tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi Estoniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi babatda zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Şol gün Estoniýanyň ilçisi şeýle hem 
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Ilçi diplomatik işini Astana şäherinde oturan ýerinen alyp barar.


01.05.2025 20:57
22k+

Toyota Türkmenistanyň çäginde sowadyş ulgamlaryny mugt barlamak boýunça aksiýa başlatdy

Toyota Central Asia FZE resmi distribýutory «Garagum Ulag» HJ we «Beýik Ýüpek Ýoly» HK resmi diler merkezleri bilen hyzmatdaşlykda 2014–2025-nji ýyllar aralygynda öndürilen Toyota we Lexus kysymly awtoulaglaryň esasy sowadyş ulgamlarynyň mugt barlagyny geçirmek boýunça aksiýanyň başlanandygyny habar berdi...

30.04.2025 11:39
4.6k+

“Greenhill”: Türkmen kompaniýasy ýokary görkezijili çalgy ýaglaryny öndürip başlady

Türkmenistanda ýakynda täze nesil SP çalgy ýaglaryny öndürýän kärhana işläp başlady. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän "Täze senagat" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu ugurda ilkinji önümçilik işlerine girişdi...

06.09.2024 12:11
7.8k+

Täze dizaýnly Kia K5 2025 sedanynyň bahasy 20 müň dollardanam arzan

Kia Hytaý bazarynda eýýäm bar bolan 2025 K5 sedanyň täzelenen görnüşini hödürledi diýip, IT Home ýazýar. Model öň we yz tarapky optika, ulaldylan howa çekiji we adaty 19 dýuýmlyk garyndy tekerleri bilen täze dizaýn...

10.07.2024 14:49
11k+

Türkmenistanly sürüjiler ralli boýunça Russiýanyň çempionatynda üçünji orny eýelediler

Şu günler Russiýanyň hem-de Mongoliýanyň çäginde dowam edýän «Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň çäginde 5 — 8-nji iýul aralygynda awtosportuň bu görnüşi boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionaty hem geçirildi. Bu ýerde...