Täze dizaýnly Kia K5 2025 sedanynyň bahasy 20 müň dollardanam arzan

  • 06.09.2024 12:11
  • 8.2k+

Kia Hytaý bazarynda eýýäm bar bolan 2025 K5 sedanyň täzelenen görnüşini hödürledi diýip, IT Home ýazýar.

Model öň we yz tarapky optika, ulaldylan howa çekiji we adaty 19 dýuýmlyk garyndy tekerleri bilen täze dizaýn aldy.
Kia K5 2025-iň salonynda 12,3 dýuýmlyk iki ekran, panoramaly kamera, görünmeýän zolaklara gözegçilik ulgamy we akylly kruiz-gözegçilik gurnalan. Bu  awtoulagyň baý enjamlarynyň diňe bir bölegi. Şeýle hem onda gyzdyryjyly öňdäki oturgyçlar, düwmä basyp işletmek, JBL ses ulgamy, smartfonlar üçin simsiz zarýad beriş we 64 reňkli daşky yşyklandyryş bar.

Kia K5 2025-iň ölçegleri 4980 x 1860 x 1445 mm, tigir bazasy 2990 mm.
Modeliň hereketlendirijileri öňküligini saklady: kuwwaty 170 at güýji bolan 1,5 litrlik hereketlendiriji we kuwwaty 239 at güýji bolan 2,0 litrlik hereketlendiriji.
Mynasyp funksiýalar toplumynyň bardygyna garamazdan, Kia K5 2025-iň özüne çekiji bahasy 19 600 dollardan başlap  26 700 dollar aralygynda üýtgeýär.


09.05.2026 12:43
3.5k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....