“Greenhill”: Türkmen kompaniýasy ýokary görkezijili çalgy ýaglaryny öndürip başlady

  • 30.04.2025 11:39
  • 4.6k+

Türkmenistanda ýakynda täze nesil SP çalgy ýaglaryny öndürýän kärhana işläp başlady. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän "Täze senagat" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu ugurda ilkinji önümçilik işlerine girişdi. Kärhana häzirkizaman tehnologiýalara esaslanyp, ýokary hilli çalgy ýaglaryny öndürmäge ýöriteleşendir.

Häzirki wagtda ilkinji önümlerini öndürip başlan hususy kompaniýa ýakyn wagtda ýeňil we ýük awtoulaglary, gurluşyk hem-de oba hojalyk tehnikalary, benzinli we dizelli hereketlendirijiler, şeýle hem senagat enjamlary üçin niýetlenen dürli görnüşli çalgy ýaglarynyň önümçiligini has hem giňeltmegi hem-de olary sarp edijilere ýetirmegi meýilleşdirýär.
Önümçilikde ulanylýan esaslyk ýaglar “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar. Goşundylar we funksional garyndylar bolsa ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň bu ugurdaky öňdebaryjy dünýä belli kompaniýalary tarapyndan üpjün edilýär. Olaryň arasynda esasy hyzmatdaş “Infineum” kompaniýasydyr. “Infineum” dünýäniň iri kompaniýalary bolan “ExxonMobil” (ABŞ) we “Royal Dutch Shell” (Beýik Britaniýa) tarapyndan bilelikde eýeçilik edilýän öňdebaryjy tehnologiýa üpjünçisidir. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde öndürilýän çalgy ýaglar halkara derejede bäsdeşlige ukyplylyk gazanýarlar.

Amerikanyň Nebit instituty (API) tarapyndan 2020-nji ýylyň maý aýynda kabul edilen SP çalgy ýaglary kategoriýasynyň formulalary esasynda taýýarlanylýan bu ýaglar ýokary wiskozlyk durnuklylygy, ýangyjyň tygşytlanmagy, ýokary temperatura garşy çydamlylyk hem-de hereketlendirijiniň arassalygyny saklamak ýaly aýratynlyklary özünde jemleýär. Şeýle aýratynlyklar ýagyň kemelmegine garşy täsir edip, hereketlendirijiniň ömrüni uzaltmaga ýardam berýär.
Daşary ýurtlara hem eksport edilmegi meýilleşdirilýän bu ýaglar "Greenhill" haryt nyşany bilen öndürilýär. Esasan ýerli çig mallaryň ulanylmagy we ýerli önümçilik bu ýaglaryň bahalarynyň amatly bolmagyny üpjün edýär. Döwrebap tehnologiýalar we täze nesil formulalar esasynda taýýarlanylýan çalgy ýaglary ekologiýa ölçeglerine doly laýyk gelýär.


01.05.2025 20:57
22k+

Toyota Türkmenistanyň çäginde sowadyş ulgamlaryny mugt barlamak boýunça aksiýa başlatdy

Toyota Central Asia FZE resmi distribýutory «Garagum Ulag» HJ we «Beýik Ýüpek Ýoly» HK resmi diler merkezleri bilen hyzmatdaşlykda 2014–2025-nji ýyllar aralygynda öndürilen Toyota we Lexus kysymly awtoulaglaryň esasy sowadyş ulgamlarynyň mugt barlagyny geçirmek boýunça aksiýanyň başlanandygyny habar berdi...

10.12.2024 09:15
3.5k+

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

9-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýaap Oradan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada...

06.09.2024 12:11
7.8k+

Täze dizaýnly Kia K5 2025 sedanynyň bahasy 20 müň dollardanam arzan

Kia Hytaý bazarynda eýýäm bar bolan 2025 K5 sedanyň täzelenen görnüşini hödürledi diýip, IT Home ýazýar. Model öň we yz tarapky optika, ulaldylan howa çekiji we adaty 19 dýuýmlyk garyndy tekerleri bilen täze dizaýn...

10.07.2024 14:49
11k+

Türkmenistanly sürüjiler ralli boýunça Russiýanyň çempionatynda üçünji orny eýelediler

Şu günler Russiýanyň hem-de Mongoliýanyň çäginde dowam edýän «Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň çäginde 5 — 8-nji iýul aralygynda awtosportuň bu görnüşi boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionaty hem geçirildi. Bu ýerde...