Türkmenistanly sürüjiler ralli boýunça Russiýanyň çempionatynda üçünji orny eýelediler

  • 10.07.2024 14:49
  • 11k+

Şu günler Russiýanyň hem-de Mongoliýanyň çäginde dowam edýän «Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň çäginde 5 — 8-nji iýul aralygynda awtosportuň bu görnüşi boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionaty hem geçirildi.

Bu ýerde guralan ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň arasyndaky T2 ýaryşynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgenleri, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň sürüjileri Merdan we Şöhrat Toýlyýewler üçünji orny eýeledi. Şeýlelikde, doganlar Merdan (sürüji) hem-de Şöhrat (şturman) Toýlyýewlere çempionatyň Kubogy gowşuryldy.
Çempionatda birinji orny Andreý Suşenkowdan hem-de Aleksandr Şanowdan ybarat bolan ekipaž eýeledi. Ikinji ýeri Anton Melnikow bilen ýolbeledi Anton Nikolaýew gazandy.


01.05.2025 20:57
22k+

Toyota Türkmenistanyň çäginde sowadyş ulgamlaryny mugt barlamak boýunça aksiýa başlatdy

Toyota Central Asia FZE resmi distribýutory «Garagum Ulag» HJ we «Beýik Ýüpek Ýoly» HK resmi diler merkezleri bilen hyzmatdaşlykda 2014–2025-nji ýyllar aralygynda öndürilen Toyota we Lexus kysymly awtoulaglaryň esasy sowadyş ulgamlarynyň mugt barlagyny geçirmek boýunça aksiýanyň başlanandygyny habar berdi...

30.04.2025 11:39
4.6k+

“Greenhill”: Türkmen kompaniýasy ýokary görkezijili çalgy ýaglaryny öndürip başlady

Türkmenistanda ýakynda täze nesil SP çalgy ýaglaryny öndürýän kärhana işläp başlady. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän "Täze senagat" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu ugurda ilkinji önümçilik işlerine girişdi...

10.12.2024 09:15
3.5k+

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

9-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýaap Oradan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada...

06.09.2024 12:11
7.8k+

Täze dizaýnly Kia K5 2025 sedanynyň bahasy 20 müň dollardanam arzan

Kia Hytaý bazarynda eýýäm bar bolan 2025 K5 sedanyň täzelenen görnüşini hödürledi diýip, IT Home ýazýar. Model öň we yz tarapky optika, ulaldylan howa çekiji we adaty 19 dýuýmlyk garyndy tekerleri bilen täze dizaýn...