Türkmenistanyň Watikandaky ilçisi Rim Papasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 09.12.2024 17:33
  • 16k+

7-nji dekabrda Keramatly Pýotryň Ybadathanasynda Türkmenistanyň Watikandaky täze bellenen ilçisi Wepa Hajiýew Papa Fransiske ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Ženewadaky ilçihanasynda habar berdiler.

Dabara Papa Fransiskiň ýüzlenmesinden başlanyp, onda ählumumy wehimleri ýeňip geçmekde diplomatiýanyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Rim Papasy Watikanyň «oňyn bitaraplyk» ýörelgesine ygrarlylygyny aýratyn belledi hem-de meseleleri çözmekde umydy we döredijilikli çemeleşmäni elden bermezlige çagyrdy.
Rim Papasy bilen gysga söhbetdeşligiň dowamynda Wepa Hajiýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýollan salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Iki ýurduň bitaraplyk ýörelgesi esasynda daşary syýasaty durmuşa geçirmekdäki çemeleşmeleriniň meňzeşligi bellenildi.
Mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Şol gün Türkmenistanyň ilçisi bilen Watikanyň Döwlet sekretary, kardinal Pýetro Paroliniň arasynda hem duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda syýasy we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......