Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna 2024-nji ýylda 261 sany operasiýa geçirildi

  • 09.12.2024 08:35
  • 13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýüztutmalar esasynda näsag çagalara jemi 500-den gowrak operasiýa geçirildi. Diňe şu ýylyň özünde 261 sany operasiýa edildi. Bu barada gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow 7-nji dekabrda gaznanyň müdiriýetiniň mejlisinde habar berdi. Muny TDH ýetirýär.

R.Bazarowyň habar bermegine görä, köp sanly çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary amala aşyryldy, saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi. Mundan başga-da, Aşgabadyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine Germaniýanyň “B.Braun” kompaniýasynyň “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlary ornaşdyryldy.
Meýilnama laýyklykda, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça uly işleriň alnyp baryldy. Türkiýe, Ukraina, Owganystan, Russiýa, Täjigistan, Palestina ýaly ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri iberildi. Täjigistanyň Hatlon welaýatynda ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bina eden mekdebiniň okuwçylaryna gaznanyň hasabyna kompýuterler sowgat berildi, medisina klasteriniň öndürýän çaga iýmitleri doganlyk Owganystana iberildi.
BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerine uly üns berilmegi bu düzümiň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygyny görkezýär.


20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......