Türkiýeli şef-aşpez CZN Burak Aşgabatda restoran açdy

  • 08.12.2024 20:31
  • 30k+

CZN Burak ady bilen tanalýan türkiýeli şef-aşpez we restorator Burak Özdemir Aşgabatda CZN Burak Gourmet restoranynyň täze şahamçasyny açdy. 

Türkmenistanda ulgamyň ilkinji restorany Magtymguly şaýolundaky "Arkaç" söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýär. Açylyş dabarasyna ulgamyň eýesiniň özi-de gatnaşdy.
Özdemir myhmanlaryň öňünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanda restoranyny açmakdan aýratyn hoşaldygyny aýdyp, myhmanlary türk aşhanasynyň iň gowy tagamlary bilen tanyşdyrmaga, şeýle-de menýu türkmen gastronomiýasynyň elementlerini girizmäge wada berdi.
Burak Özdemiriň restoranlar ulgamy Türkiýe, BAE, Müsür we Beýik Britaniýa ýaly köp ýurtlarda meşhur. Ol özboluşly tagam taýýarlaýyş usullary, şeýle-de 29 ýaşly aşpeziň hususy brendi bilen bellidir. Onuň firma stili - tutuş bir furşet stoluny tutup biljek uly möçberde tagamlary ýylgyryş bilen taýýarlamak.
CZN Burakyň restoranlary diňe bir gurmanlaryň arasynda meşhur bolman, eýsem köp sanly syýahatçylaryň we meşhur adamlaryň arasynda hem gyzyklanma döredýär. Özdemiriň restoranlarynyň myhmanlarynyň arasynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, aýdymçy Iggi Azaliýa, futbolçylar Kriştianu Ronaldu, Ronaldinýo, Mesut Özil, söweşiji Habib Nurmagomedow we beýlekiler boldy.
CZN lakamy onuň kakasynyň Stambuldaky Lalelide ýerleşýän Cinzano dokma dükanynyň adynyň ýygy-ýygydan nädogry aýdylmagy netijesinde peýda boldy.
Şeýle-de, Burak garrylar öýlerinde, garyplar üçin öýde, hassahanalarda we çagalar öýlerinde aşpezlik master sapaklaryny we şüweleňleri gurnap, haýyr-sahawat bilen işjeň meşgullanýar. Bu aksiýalaryň dowamynda ol öz topary bilen bilelikde gatnaşanlara nahar we sowgat paýlaýar.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......